- görkezme
- 1) Işi we ş. m. ýerine ýetirmek içün berilýän tabşyryk, salgy berilýän ugur.∙ Sen şondan soň ne-hä geldiň, ne-de öwüt-ündew üçin listonkalar, görkezmeler aldyň. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Pökgeniň agronomyň görkezmelerini tutmaýan ýerleri bolýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)2) Ýuridik termin Sülçi soragynda berilýän jogap, maglumat.∙ Ol soragda hem başga hiç hili görkezme bermedi.∙ Günäkäriň ýazuw üsti bilen berýän görkezmesi.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.